Jeff Bezos 80 million dollara täze uçar satyn aldy

Jeff Bezosyň 200 million dollarlyk hususy uçar kolleksiýasy günsaýyn artýan ýaly görünýär. Amazon kompaniýasynyň milliarder esaslandyryjysy ýakynda hususy uçar bazaryna girmek üçin iň täze we meşhur uçar bolan “Gulfstream G700” uçaryny satyn aldy.

“Gulfstream G700” uçarynyň häzirki wagtda Bezosyň eýeçiligindäki dört uçaryň biri bolandygy mälimdir. Uçar ilkinji gezek mart aýynda elýeterli boldy we  Kataryň howa ýollary tarapyndan gysga wagtda iki sanysy satyn alyndy.

“Business Insider” neşiriniň habaryna görä, “Gulfstream G700” uçaryny sargyt edenleriň arasynda Ilon Mask hem bar.

Täze hususy uçaryň bahasy 80 million dollar diýlip çaklanylýar. Bezos mundan başga-da “Gulfstream” modeliniň iki wersiýasy we “Pilatus PC-24” uçary bar.

“Gulfstream G700” uçarynyň aýratynlyklary 20 panoramik penjiräni we her iki-üç minutda bir gezek täzelenýän 100 göterim täze, plazma-ionlaşdyrylan howa bilen sessiz kabinany öz içine alýar. Uçaryň oturgyçlary elde ýasalan we ergonomiki düşeklere hem öwrülip bilýär. Uçar 13 kişi üçin niýetlenilendir.

Uçaryň öndürijileri täze uçaryň 50-den gowrak dünýä tizligi rekordyna we iň täze durnuklylyk tehnologiýasyna eýedigini belleýärler.

Emma, muňa garamazdan “Business Insider” gazetiniň maglumatyna görä, Bezosyň “Gulfstream G700” uçary iki aýyň içinde 28 uçuşda 264 tonna kömürturşy gazyny çykarýar. Bu bolsa ortaça bir Amerikalynyň bir ýylda çykarýan kömürturşy gazynyň takmynan 17 essesidir.

Ответить