Jeff Bezos Amazon kompaniýasy 5 milliard dollarlyk paýnamasyny satmagy meýilleşdirýär

Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Jeff Bezos, elektron söwda ägirtleriniň paýnamalary rekord derejä ýetenden soň, gymmaty 5 milliard dollarlyk paýnamasyny satmagy meýilleşdirýär diýip, «Kazinform» agentligi «US News» portalynyň täzeliklerine salgylanyp habar berýär.

         Jeff Bezos bu meýlini 25 millionlyk paýnamanyň satylan sişenbe güni söwda tamamlanandan soň, žurnalistlere beren beýanatynda dile getirdi. Gymmatly kagyzlary 200.43 dollara babarbar boldy, bu ýyl 30 göterim artdy. «Dow Jones Industrial Average» indeksiniň  4 göterimlik ösüşinden öňe geçdi. Eger meýilleşdirýän paýnamasy satylsa, Jeff Bezos Amazon kompaniýasynyň takmynan 912 million paýnamasyna ýa-da umumy gymmatly kagyzlarynyň  8,8 göterimine eýeçilik eder.

         2023-nji ýylda girdejisi 80 göterim ýokarlanandan soň, ol şu ýylyň fewral aýynda takmynan 8,5 milliard dollara ýakyn paýnamalaryny satdy.

         «Forbes» neşiriniň maglumatlaryna görä, Jeff Bezos 214,4 milliard dollar baýlygy bilen bütindünýäde ikinji iň baý adam hasaplanýar.

Ответить