«KAMAZ» kompaniýasy yzyna gaýtarylan 23 müňden gowrak ýük awtoulagyny möhüm howpsuzlyk enjamy bilen mugt üpjün eder

«KAMAZ» kompaniýasy yzyna gaýtarylan 23 müňden gowrak ýük awtoulagyny möhüm howpsuzlyk enjamy bilen mugt üpjün eder. Bu barada «chelny-izvest.ru» web saýty habar berdi.

            «chelny-izvest.ru» web saýtynyň Russiýanyň Tehniki kadalaşdyrmak we metrologiýa boýunça federal agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, «KAMAZ» kompaniýasy 23 müňden gowrak ýük awtoulagyny yzyna alar. Bu sanaw 2022-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli Rus­siýada satylan ýük awtoulaglaryny öz içine alýar.

            «KAMAZ» ýük awtoulaglarynyň Köpçülikleýin yzyna gaýtarylmagynyň esasy sebäbi möhüm howpsuzlyk ulgamynyň — gyssagly kömek hyz­matlaryna jaň etmek üçin enjamyň ýoklugy üçindir. Bu ýetmezçilik sürüjiler üçin hem, beýleki ýol ulanyjylar üçin hem uly howp döredýär. Şu howpy aradan aýyrmak maksady bilen, kompaniýa yzyna gaýtarylan ähli ýük awtoulaglaryny möhüm howpsuzlyk enjamy bilen mugt üpjün eder.

Ответить