Kasym-Žomart Tokaýew Serdar Berdimuhamedowy Gazagystanda geçiriljek möhüm forumlara uly hormat bilen çagyrdy

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn – 2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bilen gelmäge hem-de Astanada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna we “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýandygyny ýene-de bir gezek beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz çakylyk üçin gazak kärdeşine minnetdarlyk bildirip, çakylygy hormat bilen kabul etdi hem-de öňde boljak duşuşyklarda beýan ediljek başlangyçlaryň sebitde hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi we olaryň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Ответить