«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi ýarmarkasy 19-njy awgustda Aşgabatda geçiriler

«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi ýarmarkasy 2024-nji ýylyň 19-njy awgustynda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 27-nji iýulyndaky sanynda habar berildi.

         Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 2024-nji ýylyň 26-nji iýulynda geçirilen nobatdaky mejlisinde  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew awgust aýynda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi ýarmarkasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

         Hasabatda bellenilişi ýaly, sergi ýarmarkasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň çagalar, okuwçylar, talyplar üçin harytlaryny, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri, okuw esbaplaryny, elektron harytlary hödürlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin ussatlyk sapaklarynyň, bäsleşikleriň guralmagy, meşhur Modalar öýleriniň çagalar üçin täze lybaslarynyň dabaraly görkezilişini guramak meýilleşdirilýär.

         Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, 19-njy awgustda paýtagtymyzda geçiriljek sergi ýarmarkasyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu halkara sergini guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ответить