«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy gyzgalaňly dowam edýär

Düýn – 2024-nji ýylyň 20-nji awgustynda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan nobatdaky çäreler gyzgalaňly dowam etdi.

«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilmegine görä, kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda guralan göçme sergi meýdançasy körpeje jigilerimiziň we mekdep okuwçylarynyň iň söýgüli ýerleriniň birine öwrüldi. Serginiň ikinji gününde bu ýerde ýaş zehinler, geljekki telekeçiler üçin tälim beriji ussatlyk sapaklary we bäsleşikler, kiçi ýaşly çagalaryň arasynda özboluşly ýaryşlar, ertekileriň, multfilmleriň gahrymanlarynyň, täsin tilsimlerini taýýarlan artistleriň şowhunly çykyşlary geçirilip, çagalar olara uly höwes bilen gatnaşdylar. «Iş nokady» kompaniýasynyň guramagynda geçirilen «MiniBoss», «Coddy» taslamalarynyň sapaklary has-da täsirliligi bilen tapawutlandy.

Sergi meýdançasynyň çägindäki dürli ugurlara ýöriteleşen pawilýonlar özüne çekiji häsiýete eýe. Biz döwlet we hususy düzümleriň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, görkezilýän harytlar, hödürlenilýän hyzmatlar barada gyzyklandyk. Olar çaga egin-eşiklerinden, başgaplardyr aýakgaplardan başlap, körpeleriň arassaçylyk-gigiýenasyna, dogry iýmitlenmegine degişli önümleri, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, sport bilen meşgullanmaklary üçin niýetlenen harytlary, sowat öwrenmekleri, bilim almaklary, eýýäm kiçi ýaşdan belli bir hünäre ugrukmaklary üçin dürli görnüşli hyzmatlary hödürleýärler. Foruma gatnaşýan “Perzent” bilim merkeziniň hödürleýän hyzmatlary-da ünsüňi çekýär.

— Merkezimiz, esasan, Montessori okuw-usulyýet ulgamyna esaslanyp, Türkmenistanda şeýle okuwlary hödürleýänleriň ilkinjisidir. Okatmagyň bu görnüşine 3 — 6 ýaş aralygyndaky çagalar bilen bilelikde, ata-eneler hem gatnaşýarlar. Onuň çäginde tejribeli pedagoglarymyz we mugallymlarymyz çagalara okamagy, ýazmagy, surat çekmegi, başlangyç matematikany, daşary ýurt dillerini öwredýärler. Okuwlar jemi 60 sagatdan ybarat bolup, hepdäniň duşenbe gününden anna gününe çenli geçirilýär. Mundan başga-da, uly ýaşlylar üçin hem rus, iňlis, koreý dilleri, matematika dersi çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Häzirki wagtda täze okuw möwsümine taýýarlyk işleri hem-de ýazylyşyk dowam edýär. Bizde okatmagyň iň döwrebap usullaryndan peýdalanýan tejribeli mugallymlar zähmet çekýärler — diýip, bilim merkeziniň esaslandyryjylarynyň biri we baş direktory Ýekaterina Geldimyradowa «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy Gurbanmämmet Seýitdäýewe gürrüň berdi.

Forumyň dowamynda “Bagtly balam” çagalar gözellik salonynyň hünärmenleri bilen hem gürrüňdeş bolduk. Salonyň esaslandyryjysy Madina Hiskaýanyň aýtmagyna görä, bu ýerde çagalar kiçilikden daş keşbine, bedenine, saçlaryna özbaşdak ideg etmegi öwrenýärler. Onda tejribeli hünärmenler zähmet çekip, daşary ýurtlardan getirilen ýokary hilli serişdeleri ulanýarlar. “Bagtly balamyň” iş otaglary çagalar dünýäsine laýyk bezelip, ýörite oýunjaklar, telewizorlar bilen üpjün edilen. Bu ýere gelip saçlaryna ideg etdiren, ilkinji gezek gulakhalka dakynan çagajyklara, olaryň ata-enelerine ýörite diplomlar, gollanmalar gowşurylýar.

Sergi-ýarmarka çagalara we mekdep okuwçylaryna, dürli ýaşdaky kitapsöýüjilere gyzykly eserleri hödürleýän “Magic book”, “Arsbook” kitap dükanlary hem gatnaşýar. Köpýyllyk tejribesi bolan bu dükanlaryň wekilleri Güljemal Akyýewa bilen Nina Çaryýewa häzirki wagtda paýtagtymyzdaky birnäçe bilim merkezleri, orta mekdeplerdir kitaphanalar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandyklaryny, olary zerur bolan daşary ýurt kitaplary bilen üpjün edýändiklerini aýtdylar. “Penguin readers”, “DK”, “Jolly Phonics”, “Random Horse”, “АСТ”, “Robins”, “Alfeýa” ýaly meşhur halkara neşirýatlar bilen hyzmatdaşlyk edýän bu dükanlaryň kitap gory yzygiderli baýlaşdyrylýar.

2018-nji ýyldan bäri ýokary hilli, milli öwüşginli egin-eşikleri hödürleýän “Däp” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri-de sergide çagalar üçin niýetlenen lybaslary, başgaplardyr torbalary halk köpçüligine görkezýärler. Hojalyk jemgyýetiniň wekilleri bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar paýtagtymyzdaky “Berkarar”, “Arkaç”, “Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezlerinde dükanlarynyň bardygyny, resmi web saýtynyň hem hereket edýändigini aýtdylar. Olar, esasan, dokma önümleri bilen halkymyza hyzmat edip, ýylyň her möwsümine görä çaga lybaslaryny öndürýärler. Şeýle-de dap.tm web saýtynyň üsti bilen harytlary onlaýn sargyt etmek mümkinçiligi bar. Sargyt edilen lybas müşderiniň göwnüne ýaramasa ýa-da ölçegleri laýyk gelmese, üç günüň dowamynda ony yzyna gaýtarmak ýa-da çalşyp bermek hyzmatlary-da bar.

Göçme sergi meýdançasynda çagalar üçin birnäçe interaktiw zolaklar döredilipdir. Olar serginiň işiniň dowam edýän ähli günlerinde tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda döredijilik we başga-da birnäçe gyzykly ugurlar bilen meşgullanyp bilýärler. Şolaryň hatarynda çagalar döredijiliginiň dürli ugurlary boýunça gurnaklary hem-de kiçi ýaşly çagalar, ýetginjekler üçin heýkeltaraşlyk, suratkeşlik, nakgaşlyk boýunça köp sanly ussatlyk sapaklary bar.

Hormatly Prezidentimiziň “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň medeni we işewürlik durmuşynda möhüm waka öwrülen bu halkara çäre diňe bir işewürleriň mümkinçiliklerini görkezmekleri üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ata-enelerdir çagalar üçin hem özboluşly baýramçylyk çäresi boldy.

Ответить