«Kids Ekspo» sergi-ýarmarkasy  —  çagalar hakyndaky aladalaryň  aýdyň güwäsi 

Ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo» sergi-ýarmarkasy çagalar hakyndaky aladalaryň ýene-de bir aýdyň güwäsidir. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky sanynda çap edilen «Şowhunly pursatlara beslenýän özboluşly baýramçylyk» atly makalada habar berildi. 

Düýn = 2024-nji ýylyň 21-nji awgustynda her pursady şowhunly we gyzgalaňly geçýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň üçünji güni dowam etdi. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralýan bu gözden geçiriliş aýratyn mazmuna eýe bolup, oňa paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary işjeň gatnaşýarlar we öz perzentleri bilen wagtyny şatlykly geçirýärler. Nobatdaky günüň meýilnamasyna laýyklykda, «Ynamdar» onlaýn marketiniň guramagynda 9 aýlykdan 12 aýlyga çenli çagalaryň emedeklemek boýunça ýaryşy, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirligi tarapyndan çagalaryň kitap okamak bäsleşigi, «Rishat» agentliginiň, «Harman consulting» kompaniýasynyň ussatlyk sapaklarydyr şüweleňleri bu ýere gelenlere ýakymly duýgulary bagyşlady.

Forumyň üçünji gününde «Ynamdar» onlaýn marketiniň guramagynda geçirilen çagalaryň emedeklemek boýunça ýaryşy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Giň gerimli gözden geçirilişiň dowamynda meşhur kompaniýalaryň pawilýonlary bezäp duran ýokary hilli önümlerinde gözüň eglenýär. Şolaryň biri-de «Vertera» kompaniýasynyň çagalara we ululara niýetlenen pýureleridir. Kompaniýanyň önümleri, esasan, üç ýaşdan ýokary bolan çagalara niýetlenip, olaryň immun ulgamyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu barada «Verteranyň» hünärmeni Bahar Taganowa «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy Baýramberdi Geldimyradowa şeýle gürrüň berdi:

— Ýatkeşligi gowulandyrmakda, bedende ýod ýetmezçiligini aradan aýyrmakda biziň önümlerimiziň uly orny bardyr. Düzüminde 140-dan gowrak makro we mikroelementleri saklaýan önümlerimiz 50-den gowrak ýurda eksport edilýär. Önümlerimiz aýry-aýry deňizlerde duşýan «deňiz keleminden» hem-de şolaryň kenarynda daşa ýelmeşip ösýän «deňiz üzüminden» taýýarlanylýar. Dürli görnüşli harytlarymyzyň ISO 22000:2018, «Halal» halkara güwänamalaryna, Russiýanyň «Iň gowy 100 haryt» baýragyna mynasyp bolmagy olaryň halkara ülňülere laýyk gelýändigini tassyklaýar.

Serginiň çäginde çagalaryň kitap okamakdaky zehin-başarnyklaryny synaýan bäsleşik hem geçirildi. Mahabat müdirligi tarapyndan guralan bäsleşige çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar özlerine niýetlenen kitapçalary okap çykyp, eminler tarapyndan degişli sowallara jogap berdiler.

— Biziň bu ýaryşymyz çagalarda kitaba bolan söýgini oýarmakda uly ähmiýete eýedir. Çagalar — biziň geljegimiz. Bäsleşigiň maksady çagalaryň zehinli, başarnykly, ugurtapyjy bolup ýetişmekleri üçin olary dogry ýola gönükdirmekden ybarat. Okyjynyň QR-kody arkaly turkmentv.gov.tm web saýtyna girmegine we ol ýerde başga-da gyzykly kitaplaryň, terbiýeçilik ähmiýetli multfilmleri tapmagyna ýardam bermegi biziň kitaplarymyzyň aýratynlygydyr. Häzirki wagtda «Ýeserje aşpez», «Öýkelek towşan», «Degişgen pil» atly multfilmlerimiz çagalaryň söýgüsine mynasyp boldy. Ene-atalara çagalaryň ösüş döwründe has üns bilen gurşalmagyny maslahat berýän kitaplarymyz hem okyjylar köpçüligine ýetirilýär — diýip, müdirligiň hünärmeni Orazgeldi Ahunow «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy Baýramberdi Geldimyradow bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň üçünji gününde çagalaryň wagtyny şatlyk-şowhunly, peýdaly geçirendiklerini olaryň bagtyýar ýüzlerinden hem duýmak bolýar.

Ответить