Kipr iri energiýa kompaniýalary bilen tebigy gaz pudagy babatda maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

«Reuters» habarlar agentliginiň Kiprdäki ýerli metbugat çeşmelerine salgylanyp, habar bermegine görä, «bp» bilen «ADNOC» ýaly iri energiýa kompaniýalary Kipriň Energetika ministrliginiň işgärleri bilen ýurduň ösýän tebigy gaz pudagyna maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin gepleşik geçirdi.

Bu ädim Gündogar Ortaýer deňziniň energiýa çeşmelerine bolan gyzyklanmanyň bir bölegi hökmünde öňe sürüldi.

Gepleşikler Russiýanyň gaz üpjünçiligindäki soňky bökdençlikleri netijesinde  has-da güýçlendi.

Ysraýyl we Müsür ýaly goňşy ýurtlarda möhüm gaz açyşlaryndan soň Gündogar Ortaýer deňzinde işjeňlik artdy.

2007-nji ýyldan bäri Kipr Gündogar Ortaýer deňzindäki 13 blokdan 10-sy üçin gözleg ygtyýarnamalaryny berdi. Olaryň üçüsinde burawlanan bäş guýudan gaz tapyldy.

Şeýle-de bolsa, bu tapyndylaryň täjirçilik taýdan peýdalydygy entek tassyklanmady

Şu ýylyň başynda «bp» we «ADNOC» kompaniýalary Gündogar Ortaýer deňzinde täze gaz gorlaryny ösdürmek üçin bilelikdäki kärhana döretdiler. Bu kärhananyň 51 göterimi «bp» kompaniýasynyň, 49 göterimi bolsa «ADNOC» kompaniýasynyň paýyna düşýär.

Ответить