«Kökçi» önümlerini Italiýa Respublikasyna eksport edip başlady

«Kökçi» hojalyk jemgyýetinde öndürilen akkumulýatorlar ýakynda Italiýa Respublikasyna eksport edildi. Çünki, Türkmenistanda öndürilen bu önümlere alys Ýewropa ýurdunda ýokary baha berilýär. Bu barada Agageldi Italmazowyň  «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 29-njy iýulyndaky sanynda neşir edilen «Türkmen önümleri Italiýada» atly makalasynda habar berildi.

          Geçen 10 ýylyň dowamynda «Kökçi» müşderileriniň ynamyny gazanmagy başardy. Bu hojalyk jemgyýetiniň önümhanasynda öndürilen dürli göwrümli akkumulýatorlaryň ýokary hiline köpler şaýat bolan bolsa gerek. Ýokary hil hem amatly baha — alyjynyň isleýän zady. Önümçilik işlerini Türkmenabat şäheriniň eteginde alyp barýan «Kökçi» hojalyk jemgyýetine meşhurlyk getirenem hut şu aýratynlykdyr.

         «Kökçi» hojalyk jemgyýeti mundan 10 ýyl ozal — 2014-nji ýylda esaslandyrylan hem bolsa, akkumulýatorlaryň yzygiderli önümçiligine şondan iki ýyl soňra girişildi. Geçen ýyllaryň dowamynda önümçiligiň üznüksiz dowam edip gelýändigini-de nygtamak gerek. Häzirki wagtda «Kökçi» ýurdumyzdaky akkumulýator önümçiliginiň başyny çekýär. Bu gün bu hojalyk jemgyýetinde öndürilen akkumulýatorlara diňe bir ýurdumyzyň çar künjegindäki söwda merkezlerinde däl, eýsem, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Italiýanyň söwda merkezlerinde hem gabat gelmek bolýar.

         «Kökçi» hojalyk jemgyýeti önümçilik gerimini yzygiderli giňeldýär. Bu ýerde önümçiligiň ilkinji ýyllarynda aýda 1000 akkumulýatora çenli öndürilen bolsa, häzirki wagtda ol aýda 10 müň akkumulýatora çenli ýokarlandy. Elbetde, munuň şeýle bolmagyna barha artýan islegler sebäp boldy. Islegiň artmagyna bolsa kompaniýada işiň iň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde, önümiň ýokary hile eýe bolmagy şert döretdi. «Kökçiniň» akkumulýatorlaryny azyndan 2,5-3 ýyl ulanmak mümkin. Munuň özi akkumulýatorlaryň halkara standartlara laýyk gelýändigini görkezýär.

        «Kökçi» hojalyk jemgyýeti önümçiligiň häzirki tapgyrynda müşderilere «TM Power», «Ýyldyrym», «Farwaý», «Akum» we «Kuwwat» kysymly akkumulýatorlaryň 16 görnüşi hödürlenilýär. Bu kompaniýa geçen ýyl dürli kuwwatlykdaky akkumulýatorlaryň 76 müň 600-den gowragyny öndürdi. Şunça önümiň 50 müňden gowragy içerki sarp edijilere ýerlenildi. 25 müňe ýakyn akkumulýator eksporta ugradyldy. Şu ýylyň birinji ýarymyndaky önümçilik bolsa 42 müňe golaýlady. Bu ýagdaý «Kökçiniň» şu ýyldaky önümçiligi 80 müň akkumulýatordan geçirip biljekdigini görkezýär. Şu ýyl 18,5 müň akkumulýatoryň eksporta ugradylmagy hem önümçiligiň geçen ýylyň degişli döwründäkiden ýokarydygyny görkezýär.

         Ulanyşdan galan akkumulýator daşky gurşaw üçin-de zyýanlydyr. Önümçilikde ekologiýa ýetirilýän zyýany iň pes derejä çenli azaltmagy maksat edinýän «Kökçi» bu meselä-de çözgüt tapdy. Onuň söwda bölümi tarapyndan köne akkumulýatorlar belli bir nyrh kesilip satyn alynýar. Netijede, Türkmenabatdaky Himiýa zawody bilen hyzmatdaşlykda ulanyşdan galan akkumulýatorlar gaýtadan işlenip, ýene-de önümçilikde peýdalanylýar.

         «Kökçiniň» hünärmenleri hemişe täzeçilligiň gözleginde. Ýakyn geljekde bu ýerde öndürilýän akkumulýatorlaryň görnüşleri 20-den hem geçip biler. Müşderilerden gelýän islegler yzygiderli öwrenilip, olary kanagatlandyrmak bu hojalyk jemgyýetinde esasy maksatlaryň biridir.

Ответить