Kolin Huang – Hytaýyň iň baý adamy

Hytaýyň «Pinduoduo marketpleýs» bazaryny we Temu golçur kärhanasyny esaslandyryjy Kolin (Çjen) Huang Hytaýyň iň baý adamy diýlip yglan edildi. Muny «Bloomberg Billionaires Index» atly bütindünýä milliarderler sanawy tassyklaýar.

Sanawda  Huangyň baýlygy 2024-nji ýylyň 9-njy awgustyna çenli  48,6 milliard dollar diýlip çaklanylýar.

Şu wagta çenli üç ýyldan gowrak wagt bäri Hytaýyň iň baý adamy derejesi «Suw şasy» adyny alan Çjun  Şanşana degişlidi. Telekeçi «Nongfu Spring» atly çüýşeli suw satmak bilen uly girdeji gazandy. Ol indi «Bloomberg Billionaires Index» atly bütindünýä milliarderler sanawynda Indi ikinji ýeri eýeledi. alan Çjun Şanşanyň emlägi 47,4 milliard dollar diýlip çaklanylýar.

Dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 44 ýaşly Huang 25-nji ýeri eýeledi. Ol öň «Google» korporasiýasynda işleýärdi. 2015-nji ýylda «Pinduoduo marketpleýs»  bazaryny esaslandyrdy we tiz wagtda ony elektron söwdanyň iň üstünlikli taslamalarynyň birine öwürdi. «Bloomberg»-iň beren habaryna görä, Huang «Covid milliarderleri» diýlip atlandyrylan topara degişlidir. Onuň baýlygy global pandemiýanyň başynda köpeldi we soňra gaty çalt azaldy. Emma beýleki «Covid milliarderlerden» tapawutlylykda Huang ýene-de ýokary galmagy başardy. 2022-nji ýylda Hytaýyň daşynda işe başlady we Temu bazaryny esaslandyrdy

Ответить