Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­synyň mekdeplerinde eme­li aň­ly okuw gol­lan­ma­la­ry­ or­naş­dy­rylyp baş­la­ndy­

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň mek­dep­le­ri «gel­je­giň synp otag­la­ry» tas­la­ma­sy­nyň çä­gin­de eme­li aň­ly okuw gol­lan­ma­la­ry­ny or­naş­dy­ryp baş­la­dy­lar.  Bu barada «Zaman Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky 33/1599 belgili sanynyň 4-nji sahypasynda habar berildi.

2023-nji ýyl­dan bä­ri LG ýur­duň 18 mek­de­bin­de eý­ýäm ýo­la goý­lan şeý­le synp otag­la­ry­ny dö­re­dip baş­la­dy. Bu okuw otag­la­ryn­da mu­gal­lym­la­ra we okuw­çy­la­ra kö­mek edip bil­jek eme­li aň bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan CLOi adam­sy­pat ro­bot­la­ry­na bi­rik­di­ri­len san­ly tag­ta­lar gur­na­lan­dyr.

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi eme­li aň­ly san­ly okuw gol­lan­ma­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­sy­ny mä­lim et­di.

2025-nji ýyl­dan baş­lap, tä­ze okuw gol­lan­ma­la­ry ma­te­ma­ti­ka­ny, in­for­ma­ti­ka­ny, ko­reý we iň­lis dil­le­ri­ni öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len ula­ny­lar. 2028-nji ýyl­dan baş­lap, olar jem­gy­ýe­ti öw­re­niş bi­li­mi, ta­ryh, te­bi­gy ylym­lar we teh­no­lo­gi­ýa ýa­ly ugurlary hem öz içi­ne alar.

Eme­li aň­ly okuw gol­lan­ma­la­ry­ny iş­läp düz­mek iş­le­ri bi­len «Sam­sung» we LG kom­pa­ni­ýa­la­ry meş­gul­lan­ýar. Gol­lan­ma­la­ry köp dil­ler­de ula­nyp bo­lar. Goş­ma­ça funk­si­ýa­la­ry en­tek mä­lim edil­me­di.

– Mu­gal­lym­lar okat­ma­gyň ne­ti­je­li usul­la­ry­ny iş­läp düz­mek bi­len eme­li aň esas­ly san­ly okuw gol­lan­ma­la­ry­ny ulan­mak­da aý­gyt­ly ädim äd­ýär­ler – di­ýip, ýur­duň bi­lim mi­nist­ri Li Ju Ho aýt­dy.

Ответить