«Kuwwatly market» onlaýn dükany dürli görnüşli harytlary amatly bahadan hödürleýär

Diýarymyzyň Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän «Kuwwatly market» onlaýn dükany  häzirki wagtda Mary şäheriniň ýaşaýjylaryna onlaýn görnüşde azyk, hojalyk, kanselýariýa harytlarynyň, arassaçylyk we gözellik serişdeleriniň ýüzlerçe görnüşini amatly bahadan hödürleýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 12-nji awgustyndaky №33 (727) sanynyň «Sanly ulgam» diýlip atlandyrylan 6-njy sahypasynda çap edilen «Onlaýn dükan» atly makalada habar berildi.

Müşderiler «Kuwwatly market» onlaýn dükanynyň www.kmmarket.com web saýtyndan we Android, iOS gurluşlar üçin elýeterli bolan ykjam goşundysyny «Google Play» we «App Store» gollanmalar dükanlaryndan ykjam gurluşlara ýüklemek arkaly söwda edip bilerler.

Bu onlaýn dükan müşderilere hödürleýän harytlarynyň aglabasynyň ýerli önümlerdigi bilen aýratyn tapawutlanýar. Müşderilerden gelen sargytlar gysga wagtda kabul edilýär we günüň dowamynda müşderilere gowşurylýar. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda internet dükanynda okuwçylar üçin niýetlenen okuw esbaplarynyň üsti dolduryldy we olar amatly bahalardan müşderilere hödürlenilýär.

Ответить