«Lamborghini» kompaniýasy «Temerario» gibrid superkaryny hödürledi

«Lamborghini» kompaniýasy meşhur «Huracan» gibrid superkarynyň  ornuny tutýan «Temerario» gibrid superkaryny hödürledi. Bu barada «aniq.uz» web saýty habar berdi.

Onuň kuwwaty 920 at güýji bolan üç sany elektrik we bir klassik V8 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan,  100 km / sag tizligi 2,7 sekuntda ýetýär. Iň ýokary tizligi sagatda 340 km, kabinada 750 wattlyk ses ulgamy we üç displeý bar.

Satuwa 2025-nji ýylda çykarylar, bahasy takmynan 300,000 dollar bolar.

Ответить