Lýuksemburg 2024-nji ýylda dünýäniň iň baý ýurdy boldy

«Global Finans» neşiriniň dünýädäki ähli ýurtlaryň jemi içerki önümini (JIÖ) deňeşdiren iň soňky hasabatyna görä, Lýuksemburg 2024-nji ýylda dünýäniň iň baý ýurdy boldy.

Adam başyna düşýän jemi içerki önüm 143,743 dollar bilen Lýuksemburg Angliýadan iki esse baý ýurda öwrüldi.

Global Maliýe Hasabaty, 2010 – 2024-nji ýyllar aralygynda Lýuksemburgda adam başyna düşýän jemi içerki önümiň yzygiderli ösüşini görkezdi.

Dünýäniň iň uly polat önümçilik kärhanasy «ArcelorMittal» şol ýerde ýerleşýär we bütindünýä boýunça polat önümçiliginiň sekiz göterimini tutýar.

Ilaty bary-ýogy 650 000-den gowrak bolan Lýuksemburg döwleti Ýewropanyň örän kiçijik ýurdy we soňky onýyllygyň dowamynda Ýewropanyň iň ygtybarly «Maýa goýum dolandyryş merkezine» öwrüldi.

Lýuksemburg döwleti giň maliýe hyzmatlary we tehnologiki ösüşleri bilen ep-esli derejede ykdysady kuwwatyny artdyrdy. Bu kiçijik ýurtda 155-den gowrak dürli bank ýerleşýär we dünýädäki esasy maliýe merkezi bolup durýar.

Lýuksemburg döwleti salgyt ýeňillikleri, durnukly işçi güýjüni we hökümet maýa goýumlaryny höweslendirýän «işewür dostlukly» ýurt hökmünde dünýäde meşhurlyk gazandy.  Bularyň hemmesi bolsa, Lýuksemburg döwletine az ilaty bilen adam başyna düşýän jemi içerki önüminiň adatdan daşary ýokary bolmagyna getirýär.

Ответить