Magistr derejesini almak boýunça Fulbraýt maksatnamasy üçin 2022-2023-nji okuw ýyly üçin açyk bäsleşik

Fulbraýt adyndaky maksatnamasy Türkmenistanyň meşhur ýaş hünärmenlerine 2022-nji ýylyň awgustyndan başlap, ABŞ-nyň belli bir uniwersitetinde magistr derejesini almak mümkinçiligini berýär. Bu maksatnama bir ýa-da iki ýyl dowam eder. Lukmançylyk, weterinar ylymlary, şeýle hem näsaglar bilen ýüzbe-ýüz aragatnaşygy talap edýän hünärlerden başga ähli ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär. Resminamalar 2021-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Resminamalaryňyzy şu websahypa tabşyryp bilersiňiz: https://apply.iie.org/ffsp2022

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar (ähli dokumentler resminamanyň özüne yüklenmelidir):

  1. Ýokary okuw jaýyny tamamlandygy barada diplom we şonuň ýany bilen berilýän transkript;
  2. СV ýa-da rezýume;
  3. Ýokary okuw jaýyny tamamlanyndan soň, azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly;
  4. Üç (3) sany hödürnamalar (resminama bilen bilelikde tabşyrylmaly);
  5. Iňlis dilini ýokary derejede bilmek;
  6. TOEFL/GRE/GMAT synaglarynyň bahalary (bar bolsa).

Üns beriň:

  • Tabşyrylýan dokumentleriniň ählisi iňlis dilinde tabşyrylmaly, ýa-da ýanyna iňlis diline edilen resmi terjimelerini çatmaly.
  • ABŞ-da ýaşaýan adamlar bu maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
  • Dalaşgärler resminamalaryny tabşyrýan wagtynda Türkmenistanda ýaşaýan bolmaly.

Gatnaşyjylaryň saýlanylşy:

  1. 31-nji maýa çenli: ähli gerekli dokumentleri bilen doldrylan resminamany tabşyrmaly;
  2. Maý aýynyň ikinji ýarymy: ABŞ-nyň Ilçihanasy resminamalary barlaýar. Bu tapgyrdan geçen dalaşgärlere elektron poçta arkaly habar berilýär we olar söhbetdeşlige çagyrylýar;
  3. Iýun aýynyň birinji ýarym aýy: çagyrylan dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirilýär;
  4. Sentýabr-oktýabr aralygy: ABŞ-nyň Ilçihanasy söhbetdeşlik tapgyryndan geçen dalaşgärleri TOEFL, GRE/GMAT synaglaryna registrasiýa edýär. Fulbraýt maksatnamasy synaglaryň tölegini özi geçirýär.
  5. Oktýabr: ähli tapgyrlardan geçen dalaşgärleriň sanawy Waşington şäherindäki Fulbraýt maksatnamasynyň komiteti tarapyndan gutarnykly netije üçin seredilýär.

Ähli dalaşgärlere TOEFL/GRE/GMAT synaglaryna synag geçirilýän wagtyndan has öňden taýýarlyk görmegiňizi maslahat berýäris. Sebäbi bu synaglaryň bahalary uniwersitetler üçin wajyp ähmiýeti bardyr.

Bu maksatnama boýunça goşmaça soraglaryňyz bar bolsa, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine AshgabatEducation@state.gov elektron salgysy ýüz tutup bilersiňiz.

Resminamalar 2021-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Çeşme: USAID-Turkmenisan

Ответить