MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2021/2022-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky hünärleri boýunça talyplyga kabul edýändigini bildirýär:

Hünärmenleri  taýýarlamagyň  ugurlary  (hünärleri):

  1. Matematika we  mehanika  (hünärler:  matematika;  amaly  matematika  we  informatika).
  2. Fizika we   astronomiýa   (hünärler:  fizika;  radiofizika  we elektronika).
  3. Informatika we   hasaplaýyş   tehnikasy   (hünär:  maglu mat  ulgamlary  we  tehnologiýalary).
  4. Biologiýa ylymlary  (hünär:  biologiýa).
  5. Himiýa (hünär: himiýa).
  6. Ýeri öwreniş ylymlary (hünärler:  geografiýa; kartografiýa;  meteorologiýa; ekologiýa).
  7. Psihologiýa ylymlary  (hünär:  psihologiýa).
  8. Taryh we  arheologiýa  (hünärler:  taryh;  arheologiýa).
  9. Filosofiýa we  etika  (hünär:  filosofiýa).
  10. Ylahyýet (hünär:  ylahyýet).
  11. Syýasat ylymlary   we   sebit   öwreniş   (hünärler:  syýasaty  öwreniş;  gündogary  öwreniş).
  12. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebi ýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).
  13. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi  (hünär:  žurnalistika).
  14. Hukuk işi (hünär: hukuk  öwreniş).

Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary (hünärleri):

  1. Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we  informatika).
  2. Fizika we   astronomiýa   (hünärler:  fizika;  radiofizika  we elektronika).
  3. Informatika we   hasaplaýyş   tehnikasy   (hünär:  maglu mat  ulgamlary  we  tehnologiýalary).
  4. Biologiýa ylymlary  (hünär:  biologiýa).
  5. Himiýa (hünär:  himiýa).
  6. Ýeri öwreniş  ylymlary  (hünär:  geografiýa).
  7. Psihologiýa ylymlary  (hünär:  psihologiýa).
  8. Taryh we  arheologiýa  (hünär:  taryh).
  9. Dil bilimi   we   edebiýaty   öwrenmek   (hünärler:  türkmen dili  we  edebiýaty;  iňlis  dili  we  edebiýaty;  rus  dili  we  edebiýaty).
  10. Hukuk işi  (hünär:  hukuk  öwreniş).

Tölegli  esasda  bakalawrlary  taýýarlamagyň  ugurlary:

  1. Matematika we  mehanika  (taýýarlygyň  ugry:  amaly  matematika  we  informatika).
  2. Informatika we hasaplaýyş  tehnikasy  (taýýarlygyň ug ry:  maglumat  ulgamlary  we  tehnologiýalary).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýada orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi  iş  kagyzlarynyň  sanawy:

—  bellenilen  nusgada  rektoryň  adyna  ýazylan  arza; —  bellenilen  nusgadaky  sowalnama  (anketa);

—  umumy  orta  (ýada  orta  hünär)  bilim  baradaky  resminama  (asyl  nusgasy);

—  Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we  derman  senagaty  ministrligi  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

—   soňky   okan   ýerinden   (işlän   ýerinden,   harby   bölümden) häsiýetnama;

—  3×4  sm  ölçegdäki  sekiz  sany  fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäs leşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başgada, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokar da görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgala ryny tabşyrýarlar:

—  şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigit ler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär  talyplyga  kabul  edilmek  üçin  artykmaç  hukukdan  peý dalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler.

Nädogry  berlen  maglumatlar  we  resmi  iş  kagyzlary  üçin  da laşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş  synaglary  aşakdaky dersler  boýunça  geçirilýär:

matematika; amaly matematika we informatika;  maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünärleri we taýýarlygyň  ugurlary  —  matematika,  fizika,  Türkmenistanyň  taryhy;

fizika;   radiofizika   we   elektronika hünärleri  —  fizika,  matematika,  Türkmenistanyň  taryhy;

biologiýa  hünäri  —  biologiýa,  himiýa, Türkmenistanyň  taryhy;

himiýa  hünäri  —  himiýa,  biologiýa,  Türkmenistanyň  taryhy;

geografiýa; ekologiýa hünärleri   —   geografiýa,   biologiýa, Türkmenistanyň  taryhy;

kartografiýa; meteorologiýa hünärleri  —  geografiýa,  ma tematika,  Türkmenistanyň  taryhy;

psihologiýa hünäri  —  biologiýa,  türkmen  dili  we  edebiýaty, Türkmenistanyň  taryhy;

taryh; arheologiýa; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; filosofiýa; ylahyýet hünärleri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

türkmen dili we edebiýaty; žurnalistika   hünärleri  —  türkmen  dili  we  edebiýaty, Türkmenistanyň  taryhy,  jemgyýeti  öwreniş;

iňlis dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty hünärleri — saýlap alan hünär dili ýada iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

italýan dili we edebiýaty hünäri   —   iňlis   dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň  taryhy;

rus dili we edebiýaty hünäri   —   rus   dili, türkmen   dili we edebiýaty, Türkmenistanyň  taryhy;

hukuk öwreniş hünäri — Türkmenistanyň  taryhy, türkmen dili we edebiýaty,  jemgyýeti  öwreniş.

Dersler   boýunça   giriş   synaglary  Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.

Degişli  dil  öwredýän  derslerden  başga, ähli dersler  boýunça giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esas syz sebäplere görä gelip bilmedikler ýada dersleriň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar (mugallym çylyk hünärlerine);

—  çagyryş  boýunça  harby  gullugy  geçenler;

— hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralarda 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi hemde şol eda ralaryň döwlet we welaýat dereje-sindäkilerinden hödürnamasy bolanlar.

Magtymguly adyndaky Türkmen  döwlet  uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31, tel.:  94-69-90,  94-54-29.

4 комментария

Ответить