Magtymguly Pyragy barada Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň taýýarlan kitaplary çapdan çykdy

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň taýýarlamagynda, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy — paýhas çeşmesi» atly ylmy makalalar ýygyndysy, «Bagtyýar ýaşlarymyzyň kalplarynyň şygary, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgular ýygyndysy we «Ylym» neşirýaty tarapyndan şu institutyň uly mugallymy Jahan Saparowanyň «Поэзия Махтумкули Фраги: лингвокультурологический и лингвопоэтический аспекты» atly monografiýasy neşir edildi. Bu barada «Edebiýat we sungat» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndaky sanynda neşir edilen «Dana dünýäli neşirler» atly makalada habar berilýär.

         «Magtymguly Pyragy — paýhas çeşmesi» atly makalalar ýygyndysynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň akyl gämisinde pikir derýasyny gulaçlan dana Pyragynyň edebi mirasyna — dünýewi garaýyşlaryna, filosofik pikirlerine, Watan gymmatlyklaryna bagyşlap ýazan ylmy makalalary girizilipdir.

         «Bagtyýar ýaşlarymyzyň kalplarynyň şygary, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgular ýygyndysy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýigrimi üçüsiniň mugallymlarydyr talyplarynyň — 190 awtoryň goşgularyny özünde jemleýär. Olaryň her birinde Watana, il-halka, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan joşgunly söýgi, çäksiz buýsanç beýan edilýär.

         Rus dilindäki monografiýa bolsa Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanylyp, onda akyldaryň goşgulary dil biliminiň möhüm pudagy bolan lingwokulturologiýanyň esasynda derňelýär. Bu monografiýada şahyryň döredijiliginde onomastika meýdanyny emele getirýän leksik birlikleriň orny, galyberse-de diliň epitet, metafora, janlandyrma ýaly çeperçilik serişdeleriniň ulanylyş aýratynlyklary beýan edilýär.

Ответить