Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi Kazanda özboluşly çäre bilen bellenildi

Türkmen halkynyň we tutuş Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi Kazanda özboluşly çäre bilen bellenildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 17-nji iýulyndaky sanynyň 3-nji sahypasynda neşir edilen «Halkara giňişlikde» atly rubrikanyň «Şahyryň ýubileýi özboluşly çäre bilen bellenildi» atly täzeliginde habar berilýär.

         Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary dürli mazmunly çäreleri guramak arkaly dünýäniň çar künjeginde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini dabaralandyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edýär. Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen «Вкусная Казань» atly aşpezlik festiwalynyň çäginde-de ýurdumyzyň Kazandaky baş konsullygy tarapyndan bu şanly sene dabaraly ýagdaýda bellenildi. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda türkmen milli palawyny we ýarmasyny taýýarlamak boýunça görkezilen ussatlyk sapaklary festiwala gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Myhmanlar öz işiniň hakyky ussatlary bolan aşpezleriň iş pursatlaryna ýakyndan syn edip, bu tagamlaryň taýýarlanylyşy barada sowal-jogap alyşdylar.

         Açyk otda bişirilýän türkmen palawy taýýar bolýança, milli myhmansöýerlik däplerine eýerilip, tomaşaçylara tüňçe çaýy hödürlenildi. Sahnada Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlaryň ýaňlanmagy, «Dutaryň owazy» ýaly şirin mukamyň ýerine ýetirilmegi bu ýere gelenlere ruhy lezzet paýlap, türkmen durmuşyna gaýybana syýahat etmäge mümkinçilik döretdi. Soňra myhmanlar milli tagamlardan dadyp gördüler.

Ответить