«Maksat deri» gön işläp bejerýän täze kärhanasyny işe girizdi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Maksat deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gön işläp bejerýän täze kärhanasy işe girizildi. Döwlet tarapyndan berlen uzak möhletleýin ýeňillikli karz pul serişdesiniň hasabyna Mary welaýatynda gurlan kärhanada Italiýanyň hem-de Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň gön önümçiligi üçin niýetlenen döwrebap enjamlary ornaşdyryldy. Bu barada žurnalist Welmuhammet Galandarowyň «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 7-nji awgustyndaky №199 (31134) sanynyň 3-nji sahypasynda neşir edilen «Işi ilerleýän kärhana» atly makalasynda habar berildi.

Bu makalanyň maglumatlaryna görä, 1995-nji ýylda döredilen «Maksat deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti iri we ownuk şahly mallaryň derilerini gaýtadan işlemek bilen, ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän dürli reňkdäki hem-de galyňlykdaky deri önümlerini öndürýär. Ol ýurdumyzda deri eýlemegiň inçe tärlerini özleşdirip, ýokary hilli önümleri taýýarlamakda öňdebaryjy kärhanalaryň biri hökmünde tanalýar. Kärhana 100 göterim arassa deri önümlerini gaýtadan işleýändigi bilen tapawutlanyp, olardan tikilen aýakgaplar ekologik taýdan arassa, berk we ýylyň islendik paslynda geýmäge niýetlenendir.

«Maksat deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hususy önümçiligiň hilini dünýä ölçegleriniň derejesine ýetirmek, täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen ulanyşa girizen täze kärhanasy hem iri şahly mallaryň derisini ýarym taýýar we taýýar gön görnüşinde işläp çykarýar.

«Maksat deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň  önümçilik kuwwaty her aýda iri şahly mallaryň 50 müňüsiniň derisini işläp bejermäge mümkinçilik berýär. Täze düzümiň açylmagy bilen, bu ýerde goşmaça iş orunlarynyň 100-den gowragy döredildi.

Kärhananyň önümçilik bölümlerindäki döwrebap enjamlar paýdarlar jemgyýetine ekologik taýdan arassa derini işläp bejerip, harytlyk derejesine ýetirmäge, ýokary hilli taýýar gönüň içerki hajatlar üçin gerekli möçberini öndürmäge, belli bir bölegini daşarky bazarlara-da eksport etmäge mümkinçilik berer.

Her ýylda gön önümleriniň 9 million desimetrini daşarky bazara ugratmagy maksat edinýän kärhananyň işgärleriniň aglabasynyň ýaşlardygyny aýratyn bellemeli.

Olar daşary ýurtlarda iş tejribeligini geçip, täze enjamlara başarjaňlyk bilen erk edýärler. Kärhananyň doly taslama kuwwatyna çykarylmagy esasynda bu ýerde öndürilýän ýarym taýýar we taýýar önümleriň möçberi iki esse artar, ýaşlaryň ýene-de 200-si üçin täze iş orunlary dörär.

Ответить