Mask Trampyň saýlaw kampaniýasyna hemaýat etdi

Milliarder Ilon Mask respublikan Donald Trumpyň saýlaw kampaniýasyna hemaýat etdi. Bu barada Lenta.ru web neşiri habar berdi.

         Maglumatlara görä, haýyr-sahawat kömeginiň mukdary entek görkezilmedik hem bolsa, onuň mukdarynyň ep-esli köpdügi aýdylýar. Maskyň özi entek bu barada maglumat bermedi.

         Maý aýynda Tramp ýakyn wagtda geçiriljek Prezident saýlawynda ýeňiş gazansa Masky özüne geňeşçi edip bellemäge taýýardygyny aýdypdy. Bu bolsa, telekeçä käbir ykdysady we serhet howpsuzlygy meselelerine täsir etmäge mümkinçilik berer.

Ответить