Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Liderine pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby sowgat berdi

Düýn – 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň  Eýran Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde çäkli düzümde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Masud Pezeşkian Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby sowgat berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň bu eserinde Ogulabat ejäniň durmuş ýoly we türkmenleriň özboluşlylygynda öz beýanyny tapan, Watana wepaly, mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam edýän gymmatlyklar barada gürrüň berilýär. Milli Liderimiz kitabynda möhüm ähmiýetli medeni gymmatlyklara — halk döredijiliginde, tymsallarda, rowaýatlarda öz beýanyny tapan parasatly ýörelgelere ýüzlenýär. Halk döredijiliginiň şol eserleriniň köpüsi giňden mälimdir. Terbiýäniň, watansöýüjiligiň özara baglanyşygy baradaky pikir kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şunuň bilen birlikde, ol Watanymyzyň geljegi bolan türkmen ýaşlary üçin pähim-paýhasyň, bilimleriň çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby minnetdarlyk bilen kabul edip, ony türkmen halkyna gymmatly sowgat, biziň enelerimize belent sarpanyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, ene-atalara hormat goýmak halkymyzyň gadymdan gelýän däbidir. Meniň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserimde bular barada jikme-jik beýan edilýär. Bu däp biziň enelerimize hormat-sarpanyň ýokary nusgasy bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Kitapda enäniň, maşgala ojagynyň mukaddesligi, Watana söýgi, ene-atalaryň we çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň esaslary barada gürrüň berilýär. Munuň özi ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm orny eýeleýär.

Halkymyz gadym döwürlerden bäri ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär, olarda zähmetsöýerlik, ýaşululara hormat goýmak ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine jogapkärçilikli çemeleşilýär. Bu gymmatlyklar häzirki döwürde ösüp gelýän nesli terbiýelemekde ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyz bu eseriň pars diline terjime edilmeginiň möhümdigi barada aýdyp, onuň doganlyk ýurduň giň okyjylar köpçüligi üçin gyzykly we peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy kitabyň pars diline terjime edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Eýranyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür, işinde uly üstünlikleri, doganlyk halka bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Ответить