«Mbank»  rus banklarynyň üsti bilen amala aşyrýan pul geçirimlerini bes etdi

Gyrgyzystanyň iri banklaryndan biri bolan «Mbank» Russiýanyň baýry banklarynyň üsti bilen amala aşyrýan pul geçirimlerini bes etdi. Bu barada «Kommersant» habar berdi.

Gyrgyzystan bilen Russiýanyň arasyndaky pul geçirimleriniň 60 göterimi  «Mbank» arkaly amala aşyrylýar.

Gyrgyzystanyň Milli bankynyň habaryna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Russiýa bilen Gyrgyzystanyň arasynda iki taraplaýyn pul geçirimleriniň mukdary takmynan 1,3 milliard dollar boldy. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, Gyrgyzystan Russiýa Federasiýasyna pul geçimleriniň möçberi boýunça Özbegistandan soň ikinji ýerde durýar. Merkezi bank bu statistikany 2021-nji ýyldan bäri aýan etmeýär.

Ответить