«Mercedes-Benz» täze «EQS 2025» flagman elektrik awtoulagyny tanyşdyrdy

Nemes awtoulag öndürijisi «Mercedes-Benz» täze «EQS 2025» flagman elektrik awtoulagyny tanyşdyrdy. Bu barada «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň şu ýyldaky №16 (6250) belgili sanynyň 4-nji sahypasynda çap edilen «Kuwwatly elektromobil» atly makalada habar berildi.

Kompaniýa öňki nesilleri ýaly abraýly dizaýnyny saklap galypdyr. Öňünde meşhur nyşany ýerleşen ulag, kämilleşdirilen enjam binýadyna eýe boldy. Şunuň netijesinde hem akkumulýatoryň kuwwaty artdyrylyp, elektromobiliň ätiýaçlyk gorunyň köpelmegine ýardam edýän dikeldiş ulgamy kämilleşdirildi. Ulag bir zarýadda 800 km ýol geçmäge ukyply. Şeýle-de ulagda 55 dýuýmlyk «MBUX Giper» ekranly displeý we «Dolby Atmos» goldawly ses ulgamy ornaşdyryldy. Sürüjiniň arkasyndaky ýolagçynyň görüşini gowulandyrmak üçin öňdäki sag kürsini ýatyryp bolýar, ýolagçylaryň kürsüleriniň ýylylygyny sazlaýan mümkinçilikler hem bar. Ulag şu ýylyň ahyrlaryna satuwa çykarylar.

Ответить