Merkezi Aziýa dünýä bazarlarynyň esasy merkezlerine öwrülýär

«Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetinde habar berilmegine görä, Merkezi Aziýa dünýä bazarlarynyň esasy merkezlerine öwrülýär. Bu pikiriň dogrudygyny Çehiýanyň «Skoda» kompaniýasynyň we Kostanaýda ýerleşýän Allur gazak zawodynyň dört awtoulag modeliniň önümçiligini ýola goýmakçydygy baradaky habary dolulygyna tassyklaýar.

Hususan-da, täze nesil «Skoda Octavia», şeýle hem «Kamiq», «Karoq» we «Kodiaq» krossowerleri öndüriler. 2025-nji ýyldan soň Gazagystanda kebşirlemek we reňklemek bilen awtoulaglaryň kiçi göwrümli gurnama kärhanasyny işe girizmek

meýilleşdirilýär. «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň şu ýyldaky №16 (6250) belgili sanynyň 4-nji sahypasynda çap edilen «Gazagystanda öndüriler» atly makalada bellenilişi ýaly, şu ýyl onuň işe girizilmegine jikme-jik tehniki we ykdysady baha bererler.

Ответить