«Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynda guralmagy meýilleşdirilýän ulag ministrleriniň duşuşygy barada pikir alyşmalar boldy

«Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynda guralmagy meýilleşdirilýän ulag ministrleriniň duşuşygy barada pikir alyşmalar boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 17-nji iýulyndaky sanynyň 3-nji sahypasynda neşir edilen «Halkara giňişlikde» atly rubrikanyň «Ulag ulgamynda sebitara hyzmatdaşlyk» atly täzeliginde habar berilýär.

         Golaýda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Palwanow Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissiýasynyň direktoratynyň direktory P.Ustubs we bu düzümiň ýokary derejeli geňeşçisi H.Hololeý, Daşarky gatnaşyklar boýunça Ýewropa gullugynyň wekili A.Rossi bilen duşuşyk geçirip, ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen gepleşikleri geçirdi.      

Türkmenistanda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynda guralmagy meýilleşdirilýän ulag ministrleriniň duşuşygy pikir alyşmalaryň esasy mowzugy boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Aziýanyň hem Ýewropanyň arasynda ygtybarly ulag çatrygy hökmünde ähmiýeti bellenildi. Taraplar ulag ulgamynda sebitara hyzmatdaşlykda uly öňegidişlikleriň gazanylýandygyna ünsi çekip, şunda biziň ýurdumyzyň işjeň ornuna ýokary baha berdiler.

         Ýeri gelende bellesek, «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» ministrler maslahatynda agzalan formatda ulag ulgamy boýunça utgaşdyryjy platformany işe girizmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi ulag infrastrukturasyny ösdürmäge, sebitleriň arasynda logistik aragatnaşygy has-da gowulandyrmaga ýardam eder.

Ответить