Microsoft Apple-den öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy bolmagy başardy

Microsoft dünýädäki iň gymmat kompaniýa boldy. Onuň kapitallaşdyrmasy, takmynan, 2,46 trln dollara ýetdi. Şeýlelik bilen, Bill Geýtsiň kompaniýasy bir ýyldan gowrak wagt bäri birinji orny eýeleýän Apple-i ornundan gysyp çykardy. Bu barada “Forbes” žurnaly söwda maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. Muny news.ru ýetirýär.

Häzirki wagtda Apple kompaniýasynyň kapitallaşdyrmasy ýakynda neşir edilen çärýek hasabatynyň maglumatlaryndan soň paýnamalaryň bahasynyň 4% pese düşmegi esasynda 2,41 trln dollara barabardyr. Kompaniýanyň girdejisi analitikleriň çak edişinden pes boldy. 

Şol bir wagtyň özünde, Microsoft-yň paýnamalary, tersine, 3,5%-den gowrak ýokarlanýar. Şu hepdede neşir edilen hasabat kompaniýanyň ynamly ösüş depginlerini görkezýär. Kapitallaşdyrmasy boýunça iň uly kompaniýalaryň sanawynda üçünji orny 2,01 trln dollar bilen Saudi Aramco eýeleýär.

Bulardan başga-da, käbir kompaniýalaryň bazar bahasy 1 trln dollardan geçýär. Olaryň arasynda Google Alphabet ($1,95 trln) we Amazon ($1,68 trln) bar. Ýakynda olaryň hataryna Ilon Maskyň elektromobil öndüriji kompaniýasy – 1 trln dollara ýeten Tesla hem goşuldy. 

Şeýle-de bolsa, Bill Geýtsiň özüniň reýtingi aýrylyşandan soň rekord derejede pese gaçdy. Ol 30 ýylyň içinde ilkinji gezek “Forbes” žurnaly boýunça iň baý adamlaryň reýtinginde dördünji orna düşdi. Häzirki wagtda Geýtsiň kapitaly 134 mlrd dollara barabar.

Ответить