Microsoft Translator platformasyna türkmen dili girizildi

Maşyn terjimesiniň hyzmatlaryny özünde jemleýän Microsoft Translator platformasyna türkmen dili girizildi.

“Biz Microsoft Translator serwisine başgyrt, dwiweh, gruzin, gyrgyz, makedon, mongol (kirill), mongol (nusgawy), tatar, tibet, türkmen, uýgur we özbek (latyn) dillerini we şiwelerini girizdik, netijede bu serwisdäki dilleriň umumy sany 103-e ýetdi” – diýlip, Microsoft-yň habarynda bellenilip geçilýär.

Dünýä belli Microsoft kompaniýasynyň 2000-nji ýylda ýola goýlan maşyn terjime ulgamy yzygiderli döwrebap özgerýär. Bu günki günde onda has anyklyk üçin emeli neýron aragatnaşygynyň mümkiinçilikleri ulanylýar.

Microsoft Translator barada has giňişleýin maglumatlary onuň internet saýtyndan almak mümkindir.

Çeşme: Microsoft

Ответить