Milli Liderimiz Eýranyň täze Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün Tähranda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.

 Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyz Masud Pezeşkiany Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlap, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylyk hatyny gowşurdy. Dostlukly döwletiň Baştutany bolsa Milli Liderimize «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilen neşirini sowgat berdi.

Köşgüň ikiçäk duşuşyklar zalynda açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen çäkli düzümdäki duşuşygyň dowamynda däp bolan türkmen-eýran gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Hazar meselesi bilen baglylykda, Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde kabul edilen çözgütleri iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň zerurdygyna üns çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini aýdyp, ykdysadyýet, söwda, gaz, elektroenergetika pudaklary, ulag ulgamy, medeni-ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek bilen bagly anyk teklipleri öňe sürdi. Şunda özara söwdanyň möçberini ýokarlandyrmak üçin ikitaraplaýyn esasda iberilýän önümleri we harytlary artdyrmak, bu işe iki ýurduň hususy kompaniýalaryny işjeň gatnaşmaga çagyrmak maksadalaýyk hasaplanýar.

Mälim bolşy ýaly, gaz pudagy ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmen tarapy Eýrana iberilýän gazyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar. Bu maksada ýetmek üçin bar bolan gaz geçiriji infrastrukturany täzelemek, täze desgalary gurmak, munuň üçin maýa goýmak zerur bolup durýar. Şoňa görä, Türkmenistanyň çäginde iki sany täze gaz gysyjy desgany we 125 kilometrlik täze gaz geçiriji ulgamy gurmak meýilleşdirilýär. Şular barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz degişli desgalaryň eýran kompaniýalary tarapyndan gurulmagynyň maksadalaýyk hasaplaýandygyny, türkmen tarapynyň bu ugurda    gepleşikleri we degişli işleri geçirmäge taýýardygyny belledi.

Elektroenergetika pudagynda-da hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi bar. Şunuň bilen baglylykda, Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin bilelikde degişli işleri geçirmek teklip edildi. Ýük gatnawlaryny artdyrmak, awtomobil ýollaryny gurmak, «Sarahs» we «Inçeburun» demir ýol geçiriş nokatlaryndan, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly arkaly geçirilýän ýük gatnawlarynyň möçberini köpeltmek, bilelikdäki medeni çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmek meselelerine-de üns çekildi.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ответить