Minskde Aşgabatda geçiriljek halkara forumynyň Konsepsiýasy tanyşdyryldy

Golaýda Minskde GDA gatnaşyjy döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 6-njy awgustyndaky №198 (31133) sanynyň 2-nji sahypasynda neşir edilen «Halkara forumyň Konsepsiýasy tanyşdyryldy» atly makalada habar berildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, GDA-nyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky hemişelik ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara baglanyşygy — häzirki zaman parahatçylygynyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň Konsepsiýasy baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Hasabat bellenilişi ýaly, bu foruma dürli ýurtlardan döwlet hem hökümet Baştutanlarynyň, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklaryna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomaty hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň dowamynda milli we halkara derejede beýik akyldaryň doglan gününiň üç asyrlyk şanly senesine bagyşlanan giň gerimli çäreleriň ýaýbaňlandyrylýandygyna ünsi çekdi.

Ответить