MrBeast X internet ulgamynyň wideosyndan nädip 250 000 dollar gazanandygyny aýan etdi.

Dünýäniň iň meşhur YouTuberi MrBeast – hakyky ady Jimmy Donaldson ozal Twitter diýip tanalýan X internet ulgamynda wideo ýerleşdirmek bilen 250 müň dollardan-da kän (197,000 funt) girdeji gazanandygyny aýan edýär. Bu barada BBC neşirinde habar berilýär.

         Onuň sosial ulgamda geçen hepde ýerleşdiren bir wideosyna 155 milliondan gowrak adam tomaşa etdi.

         X internet ulgamynyň eýesi Ilon Mask 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda platformany satyn alanyndan bäri platformany ulanyjylaryň sanyny artdyrmak üçin dürli strategiýalary synap gördi. Bu strategiýalaryň biri, mahabat girdejilerini meşhur döredijiler bilen paýlaşmakdyr.

         2022-nji ýylyň noýabr aýynda Forbes neşiri MrBeastyň YouTube kanalyndan bir ýylda 54 million dollar gazanandygyny çaklady. Şondan bäri onuň esasy kanaly millionlarça abonent gazandy we jemi 233 milliona ýetdi.

         Häzirki wagtda onuň YouTube kanalynda 215 milliondan gowrak tomaşaçy bar we MrBeast pulunyň köpüsini şu ýerde gazanýar.

         WeArisma analitik platformasy MrBeastyň wideosynyň YouTube kanalynda 1 million dollardan gowrak girdeji gazanyp bilýändigini çaklaýar.

         Firmanyň esaslandyryjysy we baş direktory Jenny Tsai:  «Täze mazmunyň agdyklyk edýän X interner ulgamynda, beýle ýazgy şol bir güýje eýe bolup bilmez» — diýip belleýär.

         BBC neşirinde bolsa: «Monetizasiýa mümkinçiliginiň wagtyň geçmegi bilen nähili üýtgeýändigini görmek gyzykly bolar» diýlip habar berilýär.

         MrBeast tarapyndan paýlaşylan wideodan, ol takmynan 156,7 million tomaşaçy sany üçin 263,655 dollar ýa-da her 1000 tomaşaçy sany üçin 1,68 dollar girdeji gazandy.

Ответить