«NB söwda» platformasy uly meşhurlyk gazanýar

Harytlary we hyzmatlary onlaýn görnüşde halkymyza hödürleýän «NB söwda» platformasy häzirki wagtda uly meşhurlyk gazanýar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň duşenbe günki – 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndaky №36 (730) belgili sanynynyň 6-njy sahypasynda çap edilen «Amatly söwda platformasy» atly makalada habar berildi.

Müşderiler bu platformanyň gözleg brauzerlerinde ýerleşýän www.nb-sowda.com.tm web saýtyndan, şeýle-de «Google Play» we «App Store» internet dükanlarynda elýeterli bolan ykjam goşundysyndan mobil telefonlardan başlap, awtoulaglara, gozgalmaýan emläge degişli harytlara çenli satyn alyp bilerler. Türkmen, iňlis, rus dillerinde düzülen web saýtda harytlar we hyzmatlar «Awtoulaglar», «Ätiýaçlyk şaýlary», «Hyzmatlar», «Elektronika», «Egin-eşikler», «Gözellik we saglyk», «Sungat eserleri», «Haýwanlar üçin», «Öý enjamlary», «Iş», «Çagalar üçin», «Howly üçin harytlar», «Azyk harytlary», «Myhmanhanalar», «Kanselýariýa harytlary», «Şaý-sepler», «Gurluşyk harytlary», «Öý harytlary», «Tekstil harytlary», «Kompýuter enjamlary», «Gozgalmaýan emläk», «Wagtlaýyn berilýän harytlar» ýaly bölümlerde ýerleşdirilen.

Bu platformada harytlary we hyzmatlary müşderilere hödürleýän öz şahsy hasabyňyzy açyp, satyjy bolup bilersiňiz. Munuň üçin satyjy bolmak isleýän adamyň öz hasabyny açandan soňra, harydyny ýa-da hyzmatyny degişli bölüme ýerleşdirip, gerekli maglumatlary ýazmagy ýeterlikdir.

Ответить