«Organik Ekspo — 2024» halkara sergisiniň çäginde Merkezi Aziýada we Russiýada organiki önümleri öndürijileriň katalogy dörediler

Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde şu ýylyň 20-nji — 22-nji sentýabrynda geçiriljek «Organik Ekspo — 2024» atly halkara sergisiniň çägindäki forumda Merkezi Aziýada we Russiýada organiki önümleri öndürijileriň katalogy dörediler. Bu barada «Biznes Resklama» gazetiniň çap edilen «Bişkekde «Organik Ekspo — 2024» halkara sergisi geçiriler» atly makalada habar berildi.

         «Organik Ekspo — 2024» atly halkara sergisine Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gazagystanyň wekilleri hem gatnaşarlar.

         Forumyň dowamynda sebitiň öňdebaryjy hünärmenleri öz tejribelerini paýlaşarlar, oba hojalyk pudagyndaky iň täze tehnologiýalar we önümler görkezilişe çykarylar. Şeýle-de Merkezi Aziýada organiki önümleriň bazarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

         Sergi maksatnamasy ykrar edilen hünärmenleriň ussatlyk sapaklaryny, iň täze tehnologiýalaryň we önümleriň tanyşdyrylyşyny, şeýle-de geljekki hyzmatdaşlar we maýadarlar bilen B2B görnüşindäki duşuşyklary öz içine alýar.

         Forumyň jemleri boýunça Merkezi Aziýada we Russiýada organiki önümleri öndürijileriň katalogy dörediler. Bu katalog organiki önümleriň söwdasyny ösdürmeklige we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige ýardam eder.

Ответить