Özbegistan bilen Owganystan özara söwda dolanyşygyny 2024-nji ýylda 1 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär.

Özbegistan bilen Owganystan özara söwda dolanyşygyny 2024-nji ýylda 1 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «aniq.uz» web saýty habar berdi.

Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Kabulda Owganystanyň Premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar, Premýer-ministriň orunbasary Abdus-Salam Hanafi, Premýer-ministriň syýasy meseleler boýunça orunbasary Abdul Kabir we Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottaki bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.  

Gepleşikleriň dowamynda Özbegistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda dolanyşygyny şu ýyl 1 milliard dollara, ýakyn wagtda bolsa 3 milliard dollara çenli ýokarlandyrmaklyk üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Ответить