Özbegistan Russiýadan şokolad importyny 30 göterim azaltdy

Özbegistan Respublikasynyň Statistika gullugynyň habaryna görä, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda 28,5 million dollarlyk 11,600 tonna şokolad we şokolad konditer önümleri daşary ýurtlardan Özbegistana getirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,1 müň tonna (41 göterim) we 33,5 million dollar (54 göterim) az.

Özbegistan Respublikasy Russiýa Federasiýasyndan geçen ýylyň birinji ýarymynda 9,7 müň tonna, şu ýylyň birinji ýarymynda bolsa şokolad import etdi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30 göterim az.

Ответить