Özbegistan we Gazagystan iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygyny 10 milliard dollara çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär

Özbegistan we Gazagystan ýakyn ýyllarda iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanşygyny 10 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak üçin doly erkin söwda re regimeimine geçmegi meýilleşdirýär. Bu barada «aniq.uz» web saýty habar berdi.

         Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow öz ýurdunyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylaryna beren beýanatynda : «Dünýädäki geosyýasy we çalt üýtgeýän ýagdaýy göz öňünde tutup, özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmek aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şundan ugur alyp, bar bolan ätiýaçlyklary netijeli peýdalanmak bilen ýakyn ýyllarda özara söwdanyň mukdaryny 10 milliard dollara çenli ýokarlandyrmaly. Munuň üçin üçünji ýurtlardan importyň ornuny tutmak we doly erkin söwda re regimeimine geçmek boýunça yzygiderli işleri güýçlendirmek zerur» – diýip belledi.

Ответить