Özbegistanda we Merkezi Aziýada garpyzyň bahasy rekord derejede arzanlady

Özbegistanda we Merkezi Aziýada garpyz bazary häzirki wagtda çynlakaý meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

         Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň gök önümler, miweler we hoz bazarlary barada maglumat berýän «EastFruit» portalynyň habarçylary bu barada ýerli daýhanlaryň gürrüňlerine salgylanyp habar berýär.

         Portalyň «Nyrhlara gözegçilik» bölümindäki maglumatlarda: «Özbegistanyň bazaryndaky täze garpyzlaryň lomaý bahalary rekord derejä çenli peseldi, bir kilogram üçin 8 sent (Özbegistanyň Merkezi bankynyň 23-nji iýulda kesgitlän walýuta hümmetine görä – 1007 som). Bu baha saýlanyp, satuwa çykarylan garpyzlara degişlidir. Özbegistanda garpyzlara islegiň ýoklugynyň we bahalaryň arzanlamagynyň esasy sebäbi, esasy bazara – Russiýa eksport etmegiň peýdasyzlygydyr. Russiýada garpyzlaryň bahasy hem rekord derejede düşdi, häzirki lomaý bahasy olary Özbegistandan daşamagyň bahasyna takmynan deňdir.» -diýlip bellenilýär.

         Bu sebitlerde nyrhlaryň arzanlygy sebäpli şu möwsümde Özbegistandan Gündogar Ýewropa we Ýewropa Bileleşigine girýän döwletlere garpyz eksport etmegiň kyndygy bellendi. Mysal üçin, ukrain daýhanlary hem möwsümiň başyndan bäri garpyz söwdasynda bahalaryň arzanlamagy bilen baglanyşykly ýagdaýy başdan geçirdiler. Netijede, Ukrainadaky we Özbegistandaky garpyzlaryň arasyndaky baha tapawudy transport çykdajylaryny ýapmaýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) maýa goýum bölüminiň ykdysatçysy Andriý Ýarmak: «Ýewropa bileleşiginiň ýurtlary garpyzy Özbegistandan import etmän, Ukrainadan arzan bahadan satyn almagy has amatly hasaplaýarlar» — diýip belledi.

Ответить