Özbegistandan Gyrgyz Respublikasyna ynsanperwer kömek iberildi

Özbegistanyň Hojaabad etrabyndaky «Dostluk» serhet gümrük postundan onlarça ýük awtoulagynda Gyrgyz Respublikasyna ynsanperwerlik kömegi iberildi. Bu barada Andijan welaýatynyň häkimliginiň metbugat gullugy habar berdi.

         Andijan welaýatynyň häkiminiň we birnäçe resmi adamlaryň gatnaşmagynda Özbegistanyň goňşy ýurduna  ynsanperwer  kerweni iberildi.

         Andijan welaýatynyň häkimi Özbegistanyň Prezidentiniň sözlerini doganlyk goňşy halkyň resmi wekillerine ýetirdi. Iki ýurduň wekilleri hem resmi ýygnak geçirdiler.

         Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň 14-nji iýulynda Gyrgyz Respublikasynyň Oş welaýatynda güýçli ýagşyň ýagmagy zerarly güýçli suw joşmasy bolup geçdi.

Ответить