Pa­riž­de ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça ta­ry­hy re­kord ha­sa­ba alyn­dy

Ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän «Göw­her Li­ga­nyň» Pa­riž­dä­ki tap­gy­ryn­da ta­ry­hy re­kord ha­sa­ba alyn­dy. Bu barada «Zaman Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 12-nji iýulyndaky sanynda habar berilýär.

         Ze­nan­la­ryň ara­syn­da be­ýik­li­ge bök­mek­de 37 ýyl­lyk dün­ýä re­kor­dy tä­ze­len­di. Uk­rai­na­ly Ýa­ros­la­wa Ma­gu­çih 2,10 metr be­ýi­ge bö­küp, bol­ga­ri­ýa­ly Stef­ka Kos­ta­di­no­wa­nyň re­kor­dy­ny öz ady­na ge­çir­di. Kos­ta­di­no­wa 1987-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da Rim­de ge­çi­ri­len Dün­ýä çem­pio­na­ty­na 2,09 met­re bö­küp­di. Onuň re­kor­dy­ny 37 ýyl­lap tä­ze­le­mek hiç ki­me ba­şart­man, ahy­ry Dün­ýä­niň hem Ýew­ro­pa­nyň çem­pio­ny, Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň bü­rünç me­da­ly­nyň eýe­si, 22 ýa­şyn­da­ky uk­rai­na­ly Ýa­ros­la­wa Ma­gu­çi­he mi­ýes­ser et­di.

         Ýa­ry­şyň çä­gin­de ze­nan­la­ryň ara­syn­da 1500 met­re yl­ga­mak­da ke­ni­ýa­ly Fa­it Kip­ýe­gon özü­ne de­giş­li re­kor­dy 7 mil­li­se­kunt ös­dür­me­gi ba­şar­dy. Ol ge­çen ýyl­ky 3 mi­nut 49,11 se­kunt­lyk re­kor­dy­ny 3 mi­nut 49,04 se­kun­da çy­kar­dy.

Ответить