«Paýhas açary» terjime merkezi sargytlary onlaýn kabul etmek mümkinçiligini hödürleýär.

Müşderilere amatly bolmagyny nazarda tutup, «Paýhas açary» terjime merkezi sargytlary onlaýn kabul etmek mümkinçiligini hem hödürleýär, has takygy, müşderiler terjime edilmeli resminamalaryny elektron poçta arkaly iberip, şeýle hem taýýar terjimäni elektron görnüşde alyp bilerler. Şol bir wagtyň özünde, terjime merkeziniň gapysy resminamalaryny hut özi getirip tabşyrmak hem-de alyp gitmek isleýän adamlar üçin hemişe açykdyr. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky sanynyň 6-njy sahypasynda neşir edilen «Ygtybarly terjime merkezi» atly makalada habar berilýär.

         Aşgabatda ýerleşýän «Paýhas açary» terjime merkezi özüni şahsy taraplar, kiçi we orta derejeli kärhanalar, şeýle hem iri halkara korporasiýalar üçin ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanatmagy başardy. Terjime merkezi birnäçe wagt bäri hereket edip, tehniki, hukuk, lukmançylyk ýaly islendik mowzukdaky tekstleriň, şonuň ýaly hem şahsy resminamalaryň ýokary hilli terjimesini müşderilere hödürleýär. Terjime merkeziniň hünärmenleri daşary ýurtlara çykmak üçin zerur hasaplanýan wiza resmileşdirmek üçin gerekli bolan resminamalary hem terjime edýärler. Mundan başga-da, zerur resminamalary terjime etmek, daşary ýurt dillerinde anketalary doldurmak we merkeziň möhüri bilen terjimeleri tassyklamak ýaly hyzmatlaryň bitewi toplumyny hödürleýär.

Ответить