«PepsiCo» kompaniýasy Gazagystanda ýeralmadan çipsi öndürýän täze zawod gurmak üçin 160 million amerikan dollar maýa goýar

«PepsiCo» kompaniýasy Gazagystanda ýeralmadan çipsi öndürýän täze zawod gurmak üçin, 160 million amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Kazakh Invest» neşiriniň täzeliklerine salgylanyp, «Biznes reklama» gazetiniň şu günki sanynda habar berdi.

Täze zawod ýurtda täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer. Onuň birinji tapgyryny 2026-njy ýylda ulanyşa bermek göz öňünde tutulýar. Zawodyň önümçilik kuwwaty birinji tapgyrda 14 — 16 müň tonna çipsi öndürmäge ukyply bolar. Soňra bu görkeziji 21 müň tonna çenli artdyrylar.

Çeşmede bellenilişine görä, bu taslama sebitiň ykdysady ösüşine goşant goşar we ýerli oba hojalyk öndürijilerine goldaw berer.

Ответить