Polşa Ukraina elektrik toguny satmagy meýilleşdirýär

Polşa kömür ýakylmagy netijesinde  emele gelen elektrik toguny Ukraina satmaga taýýardyr. Bu barada Polşanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Pawel Kowal «Radio Zet» radiostansiýasynyň efirinde aýtdy.

         Syýasatçy Polşanyň Kiýewe  elektrik toguny satmaga taýýardygyny, ýöne arzan bahadan satmajakdygyny mälim etdi.

         Kömür ýakmak arkaly alnan elektrik togunyň Ukraina satmak babatdaky teklibi ilkinji gezek Polşanyň Premýer-ministri Donald Tusk şu ýylyň 8-nji iýulynda Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen bolan söhbetdeşliginde öňe sürdi.  

Ответить