Putin Eýrana 75 göterim arzanladyş bilen gaz hödürleýär

Putin Eýrana 75 göterim arzanladyş bilen gaz hödürleýär. Bu barada «Kommersant» web neşiri habar berýär.

         Eýran indi Gazpromdan günde 300 million kub metr gazy ýylda 10-12 milliard dollar töläp satyn alyp biler. Munuň özi, 1000 kub metr rus gazynyň Eýrana 100 dollardan satyldygy bolýar. Bu baha Ýewropa we Türkiýe bilen deňeşdirilende gaty arzan, sebäbi bu ugurlara Russiýa 1000 kub metr gazy 400 dollara satýar.  Hytaýa bolsa müň kub metr üçin ortaça 260 dollardan satylýar.

Ответить