Putin Russiýada sanly rubly töleg serişdesi hökmünde köpçülikleýin ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde: «Russiýa pursaty elden gidirmeli däldir we sanly işjeňler (aktiwler) üçin içerki söwda-da, daşary söwda-da möhüm şertleri ösdürmeli» – diýip belledi. Bu barada şu gün «aniq.uz» web saýty habar berdi.

         Russiýa Federasiýasynyň Maliýe ministri hem, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen rus kanunçylaryna ýüzlenip, Russiýanyň sanly walýutany kadalaşdyrmak baradaky kanunynyň taslamasyndan onuň ýurtdaky pul dolanyşygynda we içerki infrastrukturada satuw gadagançylygynyň aýrylmagyny teklip etdi.

         Russiýa Federasiýasynyň Maliýe ministri  mahabat önümlerine, hyzmatlaryna we sanly walýuta bilen baglanyşykly çärelere girizilen gadaganlygy kanun taslamasyndan aýyrmagy teklip etdi. Şeýle hem ministr 1-nji sentýabrdan daşary söwda hasaplaşyklary üçin girizilmegi meýilleşdirilýän eksperimental hukuk düzgüniniň çäginde kriptowalýuta bilen alyş-çalyş söwdasyna rugsat bermek isleýär.

Ответить