«Redmi Note» seriýasyna degişli smartfonlaryň 420 milliondan gowragynyň satylandygy mälim edildi.

«Redmi» hytaý brendi şu wagta çenli «Redmi Note» seriýasyna degişli smartfonlaryň 420 milliondan gowragynyň satylandygyny mälim etdi. Bu barada «Biznes reklama» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

13-nji sentýabrda özüniň on ýyllygyny bellän bu brend şu aýyň dowamynda täze önümi «Redmi Note 14» smartfonyny hem köpçülige tanyşdyrmagy meýilleşdirýär.

Täze smartfonyň «Redmi Note 14», «Redmi Note 14 Pro» we «Redmi Note 14 Pro+» görnüşleri müşderilere hödürleniler.

Maglumat üçin, «Redmi» Hytaýyň «Xiaomi» kompaniýasyna degişli brenddir. Bu brendiň ady bilen, esasan, smartfonlar, mobil gurluşlar we noutbuklar öndürilýär.

Ответить