Ronaldu Çempionlar ligasyndaky oýunlarynyň sany boýunça rekordy täzeledi

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Çempionlar ligasynda geçiren oýunlarynyň sany boýunça turniriň rekordyny goýdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Ronaldu Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda Ispaniýanyň “Wilýarreal” toparyna garşy duşuşygyň ilkinji minutyndan meýdança çykdy. Oýun Mançesterde geçirildi. 36 ýaşly portugaliýaly oýunçynyň hasabynda Çempionlar ligasynda 178 oýun boldy, netijede ol Madridiň “Realynyň” we Portugaliýanyň “Portu” toparynyň derwezebany Iker Kasilýasdan (177) öňe geçdi.

Bu hüjümçiniň “MÝ” üçin 54-nji oýny boldy. Şeýle-de, ol “Realyň” düzüminde 101, “Ýuwentusyň” düzüminde 23 oýna gatnaşdy. Ronaldu Çempionlar ligasynda 135 gol geçirdi. 

Ronaldu “Altyn topuň” bäş gezek eýesi we Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisidir. 

Ответить