Russiýa bilen Siriýa milli walýutalarda söwda etmegi meýilleşdirýär

Russiýa we Siriýaiki ýurduň arasyndaky söwda amallarynda milli walýutalarda –  rublda we Siriýa lirasynda hasaplaşyk geçmek meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada «Известия» Siriýanyň Moskwadaky ilçihanasynyň beýanyna salgylanyp, habar berdi,

Ilçihana beýanynda «Siriýanyň we Russiýanyň Merkezi banklarynyň wekilleriniň arasynda ähli maliýe we täjirçilik amallarynda milli walýutalary kabul etmek meselesi boýunça duşuşyklar we geňeşmeler dowam edýär» — diýip belledi.

Russiýa ähli hyzmatdaşlary, ilkinji nobatda Aziýa ýurtlary bilen milli walýutalarda töleg geçirmäge synanyşýar.

Ответить