Russiýada hasaba alnan elektrik awtoulaglarynyň sany 52 müňe ýetdi

Russiýanyň Ykdysady Ösüş ministrliginiň maglumatyna görä, ýylyň birinji ýarymynda ýurtda elektrik awtoulaglarynyň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 27 göterim artyp, 52 müňe ýetdi. Bu barada «aniq.uz» web neşiri habar berýär.

         Ministrlik tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda tutuş ýurtda elektrik ulaglaryny giňden ulanmaklyk üçin dürli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

         Şeýle hem beýanatda çalt kuwwat (zarýad) beriş beketleriniň (stansiýalarynyň) sanyny artdyrmak üçin degişli çäreleriň görülendigi we elektrik awtoulaglaryny satyn almak üçin ýörite salgyt ýeňillikleriniň berlendigi aýdylýar.

         Resminama görä, 2024-nji ýylyň ilkinji alty aýynda Russiýada hasaba alnan elektrik awtoulaglarynyň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 27 göterim artyp, 52 müňe ýetdi.

         Nebit we nebit önümlerini öndürmekde dünýäde birinji ýerde durýan Russiýada elektrik ulaglaryna isleg artýar. Rus we Hytaý markalarynyň elektrik awtoulaglary ýurtda giňden ýaýran hem bolsa, Tesla ýaly kompaniýalardan gelýän awtoulaglaryň sany hem köpelýär.

Ответить