Russiýada kriptowalýuta söwdasy kanunlaşdyryldy

Russiýanyň Döwlet Dumasy ýurtda kriptowalýuta satmagy düzgünleşdirýän kanuny tassyklady. Bu barada www.yeniazerbaycan.com elektron gazeti Russiýanyň kanun çykaryjy edarasynyň web sahypasynda ýerleşdirilen maglumatlara salgylanyp habar berdi.

Tassyklanan täze kanunda Russiýanyň çäginde hasaba alnan edara görnüşli taraplaryň we aýry-aýry telekeçileriň bu işe gatnaşyp biljekdigi aýdylýar. Kanun, aýry-aýry telekeçi derejesi bolmadyklar üçin çäk kesgitledi. Şol bir wagtyň özünde, hökümete Russiýanyň aýry-aýry sebitlerinde kriptawalýuta söwdasyna gadaganlyk girizmek hukugy berildi.

Russiýada kriptawalýuta söwdagärlerine bildirilýän talaplar diňe hökümet tarapyndan Merkezi bankyň razylygy bilen kesgitlenip bilner. Bu adamlar, kriptawalýuta alan çeşmeleri barada degişli edara maglumat bermeli.

Şol bir wagtyň özünde, satuw işleri bilen meşgullanýanlar bu düzgünleri bozsa, olara duýduryş berilmezden elektrik torundaky baglanyşygy kesiler.

Ответить