Russiýanyň Hytaýa energiýa üpjünçiligi rekord derejä ýetdi

Russiýanyň Hytaýa energiýa üpjünçiligi rekord derejä ýetdi. Muny Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin mälim etdi. Bu barada «РИА Новости» habar berdi.

         Putin: «Nebit, gaz, kömür we elektrik pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli giňelýär. Russiýanyň Hytaýy energiýa bilen üpjün etmegi rekord derejede. Ýurtlarymyzyň hünärmenleri çig mal çykarmak, gaýtadan işlemek we daşamak tehnologiýalaryny gowulandyrmak, daşky gurşawyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin bilelikde işleýärler» — diýip belledi.

         Şeýle hem, rus Lideri, iki ýurduň işewürleriniň arasynda göni we konstruktiw gepleşik geçirmäge mümkinçilik döredýän rus-hytaý energiýa işewürlik forumyna ýokary baha berdi.

Ответить