Sadyr Žaparow iki günlük resmi iş sapary bilen Özbegistanda bolar

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow ertir  –  2024-nji ýylyň 18 – 19-njy iýulynda iki günlük resmi iş sapary bilen Özbegistanda bolar. Bu barada şu gün «aniq.uz» web neşiri habar berdi.

         Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi we gyrgyz-özbek gatnaşyklarynyň ösüşi barada pikir alyşar.

         Iki ýurduň döwlet baştutanlary ikitaraplaýyn taslamalary onlaýn ýagdaýda başlarlar.

         Şeýle hem Žaparow Özbegistanda Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyşyna gatnaşar. Saparyň çäginde gyrgyz-özbek işewürlik forumy we iki ýurduň uniwersitetleriniň rektorlar forumy geçiriler.

Ответить